Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler amala aşyrylyp, halkymyz ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramy giňden belleniljek 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy hem ýurdumyzyň okgunly ösüşleriniň, belent maksatlaryň ýolunda röwşen geljege tarap ynamly öňe barýandygynyň aýdyň beýanydyr. Bu şygar halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlerimize egsilmez söýgini we hormat-sarpany hem alamatlandyrýar.
Ýyllar ýyllara badalga bolýar, üstünlikler ösüşiň täze sepgitlerine ýol açýar. 13-nji fewralda 2025-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beýan edilen maglumatlar hem ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli artýandygyny ýene bir gezek ähli aýdyňlygy bilen äşgär etdi. Mejlisde bellenilişi ýaly, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçen ýylda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary görkezijiler gazanyldy. Munuň özi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we maýa goýumlar boýunça geçen ýyl üçin niýetlenen Maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesidir.
Häzirki döwürde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça täze maksatlara ýetmek ugrunda giň gerimli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu barada gürrüň edilende, Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Karary bilen tassyklanan «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» alnyp barylýan işleriň, durmuşa geçirilýän özgertmeleriň guramaçylyk-hukuk esaslaryny özünde jemleýändigini we öňde belent wezipeleri goýýandygyny bellemek gerek. Maksatnama laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 900 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Geçen ýyl bolsa ýurdumyzda umumy meýdany 645 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary ulanyşa tabşyryldy. Şeýle döwletli işler, tutumly özgertmeler, ilkinji nobatda, halkyň bähbidini nazarlaýar. Olar ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet syýasatynda adam hakyndaky aladanyň ähli zatdan ileri tutulýandygynyň, hormatly Prezidentimiziň: «Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar» diýen sözleriniň durmuş hakykatynda öz beýanyny tapýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Türkmenistanda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmakda we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda uly öňegidişlikler gazanylýar. Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň batly depginlerde dowam etdirilmegi ýurdumyzyň şähergurluşyk we ekologiýa babatda dünýä nusgalyk işleri bitirýändigini görkezýär. Diýarymyzda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, uly durmuş ähmiýetine-de eýedir. Täze önümçilik toplumlarynyň işe girizilmegi bilen ýüzlerçe täze iş orunlarynyň hem döredilmegi halkymyzyň iş bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmaga ýardam edýär.
Durmuş ulgamy Türkmenistanyň ynsanperwer döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Saglygy goraýyş, bilim we medeniýet ulgamlarynda gurulýan döwrebap binalar halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň welaýatlarynda köp sanly medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy sebitleriň deňagramly ösüşini üpjün edýär. Munuň özi durmuş-ykdysady özgertmelerde sebitleýin syýasatyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär.
2025-nji ýylyň netijeleri ýurdumyzyň geostrategik mümkinçiliklerine, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça kesgitlän wezipelerine esaslanyp, ähli ulgamlar boýunça ösüşleriň hil taýdan täze derejelerine çykmagy maksat edinýändigini tassyklaýar. Döwlet maksatnamalarynyň oýlanyşykly işlenilip taýýarlanylmagy we üstünlikli durmuşa geçirilmegi Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagynyň binýadyny berkidýär.
Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda tassyklanan «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterim derejede saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalaryny doly güýjünde işletmek bilen baglanyşykly wezipeler kesgitlenilendir. Bularyň ählisi halkymyzyň abadançylygyny nazarlaýan belent maksatlardyr.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu şanly ýylda bellenilen ähli maksatlara bedew batly gadamlar bilen ýetiljekdigine halkymyzyň ynamy uly. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary bilen geçýän ýylda Milli Liderimiziň beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyza mundan beýläk-de uly ýeňişler, belent maksatlaryň ýolunda beýik ösüşler ýar bolsun!
Soltanmyrat Ýazmyradow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy
“Türkmenistan” gazeti
26.02.2026 ý