Çagakak ýaz pasly gelip, meýdan ýaşyl donuny geýende, deň-duşlarym bilen oýnamaga çykardyk. Obamyzyň ilersindäki baýyrlygyň üstünden bir aşak inip, bir ýokary dyrmaşyp ýörşümize ne ýadanymyzy bilerdik, ne-de ajygyp-suwsanymyzy. Agşam ýagan ýagyşdan soň-a ýeri böwsüp çykan kömelekleri gözlemegiň hezili bir başgady. Ýalpyldap çykan günüň howruna parç bolup oturan ýap-ýaşyl otlaryň arasynda sähel wagtyň içinde gyzyl, sary reňkli gülälekler peýda bolardy. Biz üýşüp: «Gün çykdy, gülälek çykdy, harman başyna jäjek çykdy!» diýip, söýgüli sanawajymyzy sanardyk. Şonda bu sanawaç hut özi üçin düzülendir öýdýän goňşymyzyň Gülälek atly gyzjagazy monça bolup, begenerdi. Meleje gulpajyklaryny elleri bilen tutup, pyrlanyp-pyrlanyp şatlanardy. Onuň gülälekli meýdany ýatladyp duran keşdelije tahýasy özüne gelşipjik durardy. Hawa, ol günleriň hezilligi bir başgady, çünki çagalyk dünýäsi gaýgy-aladadan daşda, ähli zatda diňe gowulygy görüp ýaşalýan üýtgeşik bir dünýä.
Wagtyň öz emrini hemmelere deň ýöretmegi bilen, biz hem ýuwaş-ýuwaşdan çagalykdan saýlanyp, ulularyň dünýäsine garylyp gitdik. Orta mekdebi tamamlan ýylym harby gulluga gitdim. Watan öňündäki borjumy birkemsiz ýerine ýetirip gelen günüm maşgalamyzyň, aýratyn hem ejem janyň şatlygyny hiç zat bilen deňär ýaly däldi. Ol ýigit çykan oglunyň boýuna guwanyp, nirede oturtjagyny bilmän aljyrap ýör. Hä diýmän, goňşularymyz hem salamlaşmaga gelip başladylar. Olar: «Gözüň aýdyň, goňşy, ogluň sag-aman gelipdir. Tüweleme, goç ýigit bolupdyr, gelin toýuny tutubermeli indi. Toýa başladygyňyz aýdaweriň, ýüwürjimiziň toýuny özümiz sowarys, nesip bolsa» diýip, ejeme degişme bilen ýüzlenýärdiler. Ejem olaryň bu sözlerine göwnühoş bolup: «Nesip bolsa, toýam tutarys, heý, sizsiz toý bolarmy, goňşular! Ilim-günüm bolmasa, aýym-günüm dogmasyn diýipdirler. Oglumyň toýuny hemmämiz üýşüp bile toýlarys» diýip jogap berýärdi.
Gelenleriň arasynda özüm bilen bile oýnap ulalan deň-duşlarym hem bardy. Çaý başynda olar bilen çagalygymyzy ýatlap gülşüp otyrdyk. Birdenem, howluda gazan ataryp ýören ejemiň ýanyndaky Gülälege gözüm düşdi. Ol gyz jigim bilen ejeme kömekleşýärdi. Bir mahalky meleje gulpaklar ýogyn goşa örüme öwrülipdir. Gara gözler bolsa agrasdan mylaýymlyk bilen bakýardy. Näme üçindir ondan nazarymy sowasym gelmedi. Gyzyň her bir hereketini içerden synlap oturyşyma, ýanymdakylardan ünsümiň sowlanynam duýmandyryn. Gowy görýän dostumyň böwrüme dürtüp goýbermegi bilen pikirlerimden aýňalyp özüme geldim...
Aradan birnäçe gün geçeninden soň, men bir iş bilen şähere gitmeli boldum. Işlerimi bitirip yzyma gelýärkäm, ýolda Gülälegiň özi ýaly bir gyz bilen gelýänine gözüm düşdi. Ulagymy saklap, olara münmegi teklip etdim. Olaram şäherlik işlerini dynyp, oba barýan ekenler. Ýolda edilen gysgajyk söhbetdeşlikden Gülälegiň öz gelnejesi bilen zenanlaryň milli lybaslaryny taýýarlap, olara keşde çekmek işlerini ýerine ýetirýändigini eşitdim. Jorasy Gülälegiň keşdeleriniň öwgüsini ýetirýärdi, Gülälek bolsa özüniň öwülmeginden utanyp, gyzaryp ýygryljyrap otyrdy.
Ine-de, oba ýetdik. Gülälekleriň deňesinde ulagymy sakladym. Olar hoşallyk bildirip düşüp gitdiler. Men bolsa, olaryň yzyndan seredip oturyşyma, Gülälek barada süýji arzuwlara gark bolupdyryn. Olar howlularyna girip gapyny ýapanlaryndan soň, pikirlerimden aýňalyp, ýolumy dowam etmekçi boldum. Şonda derwezämiziň öňünde maňa seredip ýylgyryp duran ejeme gözüm düşdi. Ýüzüme ot çabyran ýaly gyzardym. Içki pikirlerim hemmä aýan bolup barýan ýaly aljyradym. Ulagymy nähili dolandyranymy bilemok, ýöne sag-aman howlymyza girenimi we ýüzümi galdyrman öz otagyma tarap girip gidenimi bilýän.
Nämä güýmenjegimi bilmän, tekjede duran kitaplaryň birini elime aldym. Okajak boldum, ýöne näçe okasam hem aňyma giren zat bolmady. Kitabyň her bir gatynda goňşymyzyň gyzy Gülälegiň mylaýymlyk bilen ýylgyryp duran keşbi janlanyp durdy. Men çagalygymdaky sanawajy özümçe üýtgedip, ýuwaşjadan dile getirdim: «Gün çykdy, Gülälek çykdy, meň ýüregimde bolsa, ýyldyrym çakdy». Öz döreden sanawajyma gülkim tutup ýylgyrdym. Her hili pikirlere gaplanyp oturyşyma näçe wagtyň geçeninem duýmandyryn.
Agşama golaý ejem gapymy çalaja açyp, içerik seretdi. Men derrew ýerimden turup: «Gel, eje» diýdim. Dilime şondan başga hiç hili söz gelmedi. Biraz dymşyp oturanymyzdan soň, ejem söze başlady: «Oglum, gulluk borjuňy sag-aman tamamlap geldiň. Kakaň ikimiz bu güne sabyrsyzlyk bilen garaşdyk. Indem seni gözli-başly edäýsek diýen niýetimiz bar. Biz-ä sen oňlasaň...» ejem şeý diýip ýüzüme seretdi. Men gürrüňiň nirä syrygýandygyna düşünip, utanjymdan aşak bakdym. Ejem sözüni dowam etdi: «Goňşymyzyň gyzy Gülälege sözaýdyjy baraýsak diýýäs».
Ejemi garsa gujaklap, bagryma basasym geldi, zordan saklandym. Agrassyran bolup: «Eje, özüňiz biliň, siziň saýlanyňyza men garşy däl» diýdim-de, nazarymy ejemden sowup, elimdäki kitaba gönükdirdim. Ejem: «Senden tamam hem şeýledi, oglum!» diýip, kän eglenmän otagdan çykyp gitdi. Men ýeňillik bilen dem alyp, elimdäki kitaby bir gapdala goýdum-da, süýji arzuwlara berildim...
Sähetli günleriň birinde başyna gülälekli meýdany ýatladyp duran gyzyl kürte atylan Gülälek törümiň bezegine öwrüldi.
Kümüş Mätniýazowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölümçe müdiri
"Ahal durmuşy" welaýat gazeti
26.02.2026 ý