Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ynsan saglygyny goramak, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. Bu babatda alnanda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga uly orun degişlidir. Şu ýylyň 16-njy fewralynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyza iş sapary bilen gelen BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktory Hans Klýuge bilen duşuşygynyň dowamynda bu abraýly halkara guramanyň «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly ýörite sylagynyň gowşurylmagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy wakalarynyň biri boldy.
Bilşimiz ýaly, berkarar döwletimizde milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň milli saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Täze döwrebap hassahanalar, saglyk öýleri we merkezleri gurlup ulanmaga berilýär. Diňe welaýatymyzyň özünde soňky ýyllarda saglygy goraýyş edaralarynyň hatarynyň täze döwrebap binalar bilen ýetirilendigini uly buýsanç bilen bellemek gerek. 2022-nji ýylyň maý aýynda hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen welaýat köpugurly hem-de onkologiýa hassahanalary açyldy. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýen ajaýyp şygara beslenen geçen ýylyň oktýabr aýynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken taryhy Kararyna laýyklykda, Daşoguz şäherinde 400 orunlyk welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň binalar toplumynyň gurluşygyna girişildi. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 13-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda şanly ýylymyzda Aşgabatda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň, Stomatologiýa merkeziniň, «Arçman» şypahanasynyň 400 orunlyk täze binalar toplumynyň ulanylmaga beriljekdigini nygtady. Bu işleriň ählisi ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak ýaly asylly işleriň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenilendigine şaýatlyk edýär.
Jemal Gulbaýewa, TDP-niň Görogly etrap komitetiniň partiýa guramaçysy
"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti
26.02.2026 ý