Gyzylarbat etrabyndaky çeper halyçylyk kärhanasy öndürýän önümleri bilen ýurdumyzda öňdäkileriň hatarynda tanalýar. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli bolan kärhananyň binasy 2011-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen işe girizilip, şondan bäri ýylyň-ýylyna ýokary görkeziji gazanyp gelýär. Kärhanada zähmet çekýänleriň aglabasy gelin-gyzlar bolup, olar şu günler has-da öndürijilikli zähmet çekýärler. Bahar paslynyň ilkinji günlerinde bellenilýän Halkara zenanlar gününi uly zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinýän zenanlarymyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýanwar aýynda meýilnama boýunça 220 inedördül metr önüm öndürmeli bolsalar, şol sany 222 inedördül metre ýetirmegi başardylar. Şonda haly önümçiliginiň depgini 109 göterime deň boldy.
Häzirki wagtda kärhanada halyçy gelin-gyzlaryň 100-den gowragy yhlasly zähmet çekip, işler iki çalşykda dowam etdirilýär. Kärhanada zähmet çekýän gelin-gyzlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilipdir. Şonuň netijesinde kärhanada geçen 2025-nji ýylda meýilnama boýunça 2640 inedördül metr önüm öndürilmeli bolsa, 2700 inedördül metrden gowrak önüm öndürildi.
TDP-niň Gyzylarbat etrap komitetiniň wekilleri bolsa ýygy-ýygydan halyçylaryň arasynda bolup zähmet bäsleşiklerini, wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirýärler we göreldeli zähmet çekýän partiýa agzalaryny höweslendirýärler. Bu bolsa işgärleri täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy has-da belent sepgitlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Şamyrat Akmämmedow, TDP-niň Gyzylarbat etrap komitetiniň başlygy
“Watan” gazeti
03.03.2026 ý